Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-türk mekdepleri näme üçin “ýöriteleşdirildi”?


Türkmenistanyň her welaýatynda türkmen-türk mekdepleriniň ikisi bardy. Aşgabat şäherinde olaryň üçüsi bolup, häzir biri galdy.
Türkmenistanyň her welaýatynda türkmen-türk mekdepleriniň ikisi bardy. Aşgabat şäherinde olaryň üçüsi bolup, häzir biri galdy.
Türkmenistan garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, ýurduň paýtagtynda we her welaýatynda türkmen-türk mekdepleri açylypdy. Olaryň sany 15 çemesidi. Şol mekdepler bilen bir hatarda 1994-nji ýylda Aşgabatda Halkara Türkmen-Türk Uniwersiteti hem işläp başlapdy.

Başlangyç we orta bilim berýän we il arasynda “türk mekdepleri” ady bilen tanalan bu okuw jaýlary soňky bir ýylyň dowamynda “ýöriteleşdirilen orta mekdeplere” öwrüldi. Olarda bilim berýän türkiýeli mugallymlar bolsa bu ýerdäki işlerini bes etmeli boldular.

Bu okuw jaýlarynyň administratiw, okuw prosesine degişli işleriniň hemmesine diýen ýaly “Başkent” bilim merkezi gözegçilik edýärdi. Bu merkez Türkmenistanda iş alyp barýan türk işewürleri tarapyndan döredilipdi.

Başgaça aýdylanda, türkmen hökümeti tarapyndan täze gelnen karardan ozal şol mekdepler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda bolsa-da, bu okuw jaýlarynda berilýän bilime we terbiýä “Başkent” bilim merkeziniň uly täsiri bardy.

Hormaty uly bolsa-da...

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, ilatyň arasynda türkmen-türk mekdepleriniň, uniwersitetiniň berýän bilimi, umuman, bu okuw jaýlarynyň abraýy ýurduň beýleki okuw jaýlary bilen deňeşdirilende telim esse ýokarydy.

Ýöne, Türkmenistadan gowuşýan habarlara görä, soňky bir näçe ýylyň içinde bu okuw jaýlaryna garşy edilýän basyşlar artdyrylyp, olaryň türkiýeli ýolbaşçylary Türkmenistanyň raýatlary bilen çalşyrylypdyr, okuw programmalaryna üýtgeşmeler girizilipdir.

Türkmenistanda işlän ençeme türk mugallymlary we professorlary bilen ýakyn gatnaşykda bolan, Türkmenistanyň ýazyjylar fondunyň ozalky başlygy, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şol mekdepler öz formasyny saklap galsa-da, edil häzirki döwürde öz mazmunyny ýitirendigini aýdýar:

—Türk mekdeplerinde, uniwersitetinde işleýän dünýä derejesinde taýýarlykly, bilimli türk mugallymlary kem-kemden işden gyrakladylýarlar. Olar köpçülikleýin ýa ýekeleýin häsiýetde Türkmenistandan göçüp gidýärler. Türk mekdepleri, uniwersitetleri saklanyp galsa-da, bu öz-özünden eýýäm olaryň ýapylandygyny aňladýar.

“Ýöriteleşdirilmegiň” sebäbi

Eýsem ýurtda türkmen-türk mekdepleriniň, uniwersitetiniň berýän bilimine, goýberýän uçurymlaryna bolan garaýşyň gowudygyna garamazdan, türkmen hökümetiniň bu okuw jaýlary babatynda alyp barýan syýasatyna nähili düşünmeli? Käbir habar beriş serişdeleri hökümetiň bu kararyny türk okuw jaýlarynyň bilim bilen birlikde käbir dini gymmatlyklary, pan-turkizm ýaly pikir akymyny ornaşdyrmaga meşgul bolandygy bilen baglanyşdyrýarlar.

Emma aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu pikir bilen ylalaşman, beýle gürrüňleriň ýöritedigini, azat-erkin pikirli mugallymlary ýurtdan çykarmak üçin edilýändigini öňe sürýär:

—Bu kimdir biriniň döwlet syýasatyny mahabatlandyrjak bolup ýa-da Türkiýeden gelýän mugallymlaryň abraýyna şek ýetirjek bolup edýän gürrüňi. Bu bolmalasyndan has köp çişirilýär. Dogry, dini düşündirýärler, ýöne “sen dindar bol! Sen diniň “pylan” akymyna git!” diýip, hiç bir mugallymyň aýdandygyndan meniň habarym ýok.

“Edepli, entek dinçi däl”

Bişkekdäki “Maýnas” atly gyrgyz-türk uniwersitetiniň uçurymy Kubat Gyrgyzystanda hem türk okuw jaýlaryndan uçurym bolanlaryň dine has meýilli bolýandygy baradaky pikir ýöretme tendensiýasynyň bardygyny gürrüň berýär. Ýöne, Kubatyň nygtamagyna görä, eger-de bir okuw jaýyndan beýlekilere görä has edepli, bilimli adam çykýan bolsa, bu olaryň aşa dinçidigini aňlatmaýar.

1999-njy ýylda özbek hökümeti hem Daşkentdäki özbek-türk mekdeplerini dolulygyna ýapypdy. Özbegistandaky “Demokratiýa inisatiwalary” toparynyň direktory Iskender Hudaýbergenow şular ýaly ýokary derejede bilim berýän daşary ýurt okuw jaýlarynyň işine päsgelçilik giň dünýägaraýyşly, “agy-garadan” saýgaryp bilýän nesliň kemala gelmezligi üçin döredilýär diýip, pikir edýär.

—Özbegistan we Türkmenistan maglumatlary çäklendirmäge, maglumatlary aýan etmezlige synanyşýar. Ýöne olaryň bu tagallasynda näderejede üstünlik gazanýandygy welin sorag astynda. Internetiň aşa ýaýran häzirki döwründe informasiýany gizläp saklamak juda kyn.

Türkmenistanyň her welaýatynda türkmen-türk mekdepleriniň ikisi bardy. Aşgabat şäherinde olaryň üçüsi bolup, häzir biri galdy. Ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň hataryna paýtagt Aşgabadyň Turgut Ozal adyndaky türkmen-türk mekdebi girmeýär.

“Ýöriteleşdirilen orta mekdep” statusy diýmek – bu mekdepleriň açylmagyna, olaryň häzire çenli alyp baran işine gözegçilik eden “Başkent” bilim merkeziniň şol mekdeplere bolan täsiriniň azaldylmagy diýmekdir.

Bu kararyň agzalýan mekdepleriň berýän biliminiň hiline, ýurduň bilim pudagyna we ýaş nesliň geljegine nähili täsir ýetirjegi häzirlikçe sorag bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG